Şu gün Türkmenistanda okuwa kabul etmek möwsümi başlaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-nji awgusty aralygynda guramak, giriş synaglaryny bolsa olaryň ýerleşýän ýerlerinde geçirmek tabşyryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok