Telefonyňyzyň senenamasyny 1582-nji ýyla dolap, oktýabr aýyna seretseňiz, 4-nji oktýabrdan 15-nji oktýabr aralygynda günleriň ýokdugyny görersiňiz. Belki-de häzire çenli muňa üns bermedik bolmagyňyz hem mümkin. Ýöne bu ýalňyşlyk däl. Emma ýitirim bolan bu 10 güne näme boldy?
Käbir adamlar munuň bir programmist tarapyndan goýberlen säwlik ýa-da degişme üçin edilen zat bolup biljekdigini öňe sürseler-de, aslynda bu 10 gün asla bolmady. Elbetde, ol günler taryhdan ýitip gitmedi.
1582-nji ýylda ýaşan adamlar 4-nji oktýabrda uka gitdiler we 15-nji oktýabrda oýandylar, ýöne olaryň köpüsi muny bilmeýän bolsa gerek. Munuň sebäbine düşünmek üçin günleri, hepdeleri, aýlary we ýyllary guramak usulymyzda uly üýtgeşiklik bolan 16-njy asyra dolanmalydyrys.
1582-nji ýylyň oktýabr aýyndan öň Ýewropanyň köp bölegi Ýuliý Sezaryň b.e. öňki 45-nji ýylda hödürlän, Ýuliýan senenamasyny ulandy. 1582-nji ýylyň oktýabr aýynda katolik buthanasy Gregorian senenamasyny kabul etdi. Gregorian senenamasy Ýuliýan senenamasyna örän meňzeş. Bularyň ikisi hem 28-31 gün bilen 12 aýlyk gün senenamalarydyr. Mundan başga-da, ýyllaryň köpüsinde jemi 365 gün bar, käbir ýyllarda fewral aýyna bir gün goşulýar.
Oktýabr, hristian senenamasyndaky möhüm wakalara gabat gelmeýändigi sebäpli 10 gün ýitirmek üçin aý hökmünde saýlandy. 4-nji oktýabrda Keramatly Fransis baýramyndan soň Gregorian senenamasy üýtgedildi we sene birden 15-nji oktýabra bökdi. Şol sebäpli şol döwürdäki senenamalaryň köpüsi 1582-nji ýylyň 4-nji oktýabryndan, 15-nji oktýabryna bökýär.
Gunça NYÝAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler