Ylmy-barlag işler ösüşlere ýollaýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy we onuň işi bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, dänäniň we pagtanyň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän, kesele durumly we ýokary hasylly görnüşlerini taýýarlamak, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýyl Arkadag şäherine baryp, onuň ikinji tapgyrynda ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň binalarynyň gurulmalydygyny aýdandygyny we ol desgalaryň guruljak ýerlerini kesgitläp berendigini belledi. Bu ylmy institutlar oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi täzeçe guramaga ýardam berjekdigini belledi. Ýaş hünärmenleriň tejribe toplamagyna, özbaşdak oýlap tapyşlar bilen meşgullanmagyna goşant goşar. Oba hojalygynda ähli işler ylmy esasda alnyp barylsa ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmäge şert döreder — diýip, alym Arkadag aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýdyp, olaryň alyp barýan ylmy işleri bilen gyzyklandy.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Arkadag şäherinde gurlan Oba hojalyk toplumynyň binasyna ylmy-barlag institutlarynyň göçürilip getirilmegi ýurduň alymlary üçin ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi. Dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylan bu binada alymlaryň döredijilikli işlemegi, ylmy-barlaglary netijeli alyp barmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, dänäniň we pagtanyň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän, kesele durumly we ýokary hasylly görnüşlerini taýýarlamak, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Gahryman Arkadag ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, ekinleri ýazky we güýzki möhletlerde ösdürip ýetişdirmegiň usullarynyň kämilleşdirilmelidigine, bu ugurda milli ekerançylyk däpleriniň we dünýäniň ösen tejribesiniň netijeli özleşdirilmelidigine ünsi çekdi.

Alym Arkadag ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Gahryman Arkadag oba hojalykçy alymlar bilen duşuşyklaryň guralmagynyň, oňa ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş mugallymlarynyň işjeň çekilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri oba hojalyk pudagynda uly işleriň alnyp barylýandygyny, esasy maksadyň halkyň azyk bolçulygyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.
— Ylmy çemeleşmeler hemişe-de özüniň gowy netijesini berýär. Ähli işleri öz wagtynda we agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirseň, azabyň ýerine hem düşýär. Orup alan bugdaýyň her bir dänesi dykyz, dokmaňyz bolýar. Şeýle berekedi beýleki ekinlerden hem almagy başarmaly — diýip, Gahryman Arkadag belledi.

Serdar ARBAPOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok