100 milliard baýlyga ýeten ilkinji zenan

Fransuz kosmetika kompaniýasy “L’Oreal”-yň başlygy Fransuaza Betankur Maýers, baýlygy 100 milliard dollardan geçen dünýäde ilkinji zenan boldy. “Bloomberg” milliarderler indeksine görä, “L’Oreal” paýnamalarynyň rekord derejede ýokarlanmagy sebäpli Maýersiň umumy baýlygy 100,1 milliard dollara ýetdi.

“L’Oreal”-yň umumy göwrümi 267 milliard dollardan geçdi. Kompaniýanyň paýnamalary şu ýyl takmynan 35 göterim ýokarlandy. 70 ýaşly Maýers we maşgalasy “L’Oreal”-yň 35 göterim paýyna eýe. Maýers, 1909-njy ýylda atasy tarapyndan esaslandyrylan kompaniýanyň iň uly paýdarydyr. Betankur Maýers, 2017-nji ýylda ejesi Liliane Betankur aradan çykandan soň kompaniýanyň iň uly paýdary boldy.

Baýlygy 100 million dollardan geçse-de, Betankur Maýers iň baý işewür adamlaryň sanawynda 12-nji iň baý adamdyr. Betankur Maýersden soň iň baý zenan ABŞ-nyň “Walmart” bölek satuw zynjyrynyň eýelerinden biri Elis Waltondyr. Waltonyň 70 milliard dollar baýlygy bar.

Baýlygy Betankur Maýersi Fransiýanyň iň baý adamy edenok. Betankur Maýers 179 milliard baýlygy bolan LVMN-iň eýesi Bernard Arnaultdan soň ikinji ýerde durýar.

Betankur Maýersiň ýalňyz durmuşy saýlanlygy bilen mälimdir. Dürli baýramçylyk çärelerine we şowhunlara gatnaşmagyň ýerine, telekeçi günlerini kitap okamak we fortepiano çalmak bilen geçirýär. Onuň özüniň ýazan iki kitaby hem bar.

Yhlasmyrat ÝAZMYRADOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok