Yrak 27 ýyldan soň ilat ýazuwyny geçirer. Yragyň Meýilleşdiriş ministrliginiň metbugat sekretary ilat ýazuwynyň 20-21-nji noýabrda geçiriljekdigini we Yragyň Kürt sebit hökümetini (KRG) hem öz içine aljak ilat ýazuwynyň 32 ýyldan soň ilkinji umumy ilat ýazuwy boljakdygyny aýtdy.
Yragyň Meýilleşdiriş ministrligi 31-nji maýda synag ýazuwynyň geçiriljekdigini we ilat ýazuwy tamamlanandan soň 120 müň sany raýatyň okuw ýyly tamamlanandan soň mekdeplerde bilim aljakdygyny belledi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Yrakda ilat ýazuwy dowam edýärkä ýurtda umumy dynç alyş bolar. Yrak boýunça iň soňky ilat ýazuwy 1997-nji ýylda geçirildi we Kürt sebitini öz içine almaýan ilat ýazuwynda ýurduň ilatynyň 22,33 milliondygy yglan edildi. Häzirki wagtda Yragyň umumy ilatynyň 43 milliondygy çak edilýär.
Aýlar MÄMMETBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler
Name ucin 27 yylyn icinde hic hili ilat yazuwy gecirilmandir bu yurtda