1 kg. agramly agaç emeli hemra kosmosa iberiler

Dünýädäki ilkinji agaç emeli hemrany öndürmek baradaky taslama tamamlandy. Ýaponiýada ýerleşýän Sumitomo tokaý hojalygy (SFC) kompaniýasy we Kýoto uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen ekologiýa taýdan arassa “LignoSat” emeli hemrasynyň önümçilik işiniň tamamlanandygy habar berildi.

Bilelikdäki beýannamada arzan we ekologiýa taýdan arassa kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek üçin başlanan taslamanyň takmynan 4 ýylda tamamlanandygy bellenildi.

Agramy 1 kilograma barabar bolan “LignoSat” emeli hemrasy ýasalanda nurbatlardan we ýelimlerden peýdalanylman adaty agaç işläp bejermek usullary bilen öndürildi.

Emeli hemra magnoliýa agajyndan ýasalyp, alýumin çarçuwasy bolan gün panelleri oturdyldy we zerur çydamlylyk synaglarynyň ählisinden geçirildi.

“LignoSat” emeli hemrasynyň geljek hepde Ýaponiýa howa giňişligini gözleg gullugyna (JAXA) eltiljekdigi we sentýabr aýynda ABŞ-nyň Kennedi kosmos merkeziniň orbitasyna iberiljekdigi mälim edildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, “LignoSat” emeli hemrasynyň ady iňlis dilindäki “agaçdan ýasalan” we “hemra” manysyny berýän “satellite” sözünden alnan.

Ogulgerek HUDAÝAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok