Kartany çyzýan adama Illustrator diýilýär. Karta bu dünýä ýüzüniň ýa-da bir böleginiň belli bir ölçegde kiçeldilen, aýratyn şekiller bilen şekillendirilip çyzylan görnüşidir. Kartalarda ýer ýüzünde adamlara görünmeýän käbir zatlar ýagny basyş, döwletleriň araçäkleri, howanyň temperaturalary hem görkezilip bilner. Ilki ilkiler kartalar diňe syýahat etmek üçin ýa-da ýol tapmak üçin peýdalanylýan bolsa häzirki zaman dünýäsinde kartalar dürli maksatlar üçin ulanylýar. Bir territoriýanyň şekilleri hakynda, ýerüsti we ýerasty baýlyklary hakynda, daglyk we tokaýlyk ýerleri hakynda maglumat almak üçin hem kartalardan peýdalanylýar. Karta sözi grekleriň “khartes” sözünden gelip çykyp kagyz diýmegi aňladýar. Kartalaryň çyzylyşyny öwrenmeklige kartografiýa diýilýär. Kartalaryň düzüliş we peýdalanyş usullary boýunça aşakdaky görnüşleri bardyr:
1.Fiziki kartalar
2.Syýasy kartalar
3.Ykdysady kartalar
4.Aýratyn kartalar
5.Topografiki kartalar
6.Uly ölçegli kartalar
7.Orta ölçegli kartalar
Dünýäniň häzirki zaman syýasy kartasy 1991-nji ýylda Halkara Kartografiýa Birleşigi tarapyndan tanyşdyryldy. Ýaşan döwründäki birnäçe kynçylyklara seretmezden dünýäniň kartasyny çyzan adam Piri Reis hasaplanýar. Ol özüniň ajaýyp işi bilen ady biziň döwrümize ýetip gelen gahryman hasaplanýar. Piri Reisiň Osman imperiýasy döwründe (1513ý) Soltan Süleýmana sowgat hökmünde çyzan dünýä kartasy häzirki zaman kartasyna iň ýakyn , meňzeş çyzylan karta hasaplanýar.
Oraz BAÝLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler