2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýi dörediler

Türkmenistan hem, Awstriýa Respublikasy ençeme ýyllaryň dowamynda oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda awstriýaly kompaniýalar gurluşykda we gurluşyk serişdelerini öndürmek, saglygy goraýyş ulgamlarynda, söwdada, ulag hyzmatlarynda, obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýaly enjamlary ibermekde we şuňa meňzeş beýleki ugurlarda taslamalary durmuşa geçirdiler.

2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýüni döretmek meýilleşdirilýär. Bu başlangyç Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Awstriýanyň hemişelik Bitaraplygynyň 70 ýyllygy mynasybetli ajaýyp waka bolar. Şeýle hem şu ýylda Türkmenistanda altynjy Wena balyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, şu ýylyň iýun aýynda Wena şäherinde Türkmen-awstriýa iş toparynyň 12-nji mejlisini geçirmek, şu ýylyň dekabr aýynda awstriýaly işewürleriň Türkmenistana saparyny guramak, özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitleýän degişli resminamany taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Jeren AKYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok