Sankt-Peterburgda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäre gurady

Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Sankt-Peterburgdaky «Mekan» türkmen medeni jemgyýeti «Anima» bilim merkezi bilen bilelikde Sankt-Peterburgyň Milletler öýüniň we Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň goldamagynda «Türkmenistan Magtymguly Pyragynyň beýik mirasy» atly interaktiw çäre gurady.

Russiýanyň etnografiýa muzeýiniň Mermer zalynda žiwopis, amaly-haşam eserleriniň we Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň uly sergisi açyldy. Türkmen ýaşlary – Sankt-Peterburgdaky «Bagtyýarlyk» Türkmen talyplary geňeşiniň işewürleri çärä işjeň gatnaşdylar.

Duşuşygyň myhmanlaryny Sankt-Peterburgdaky «Mekan» türkmen medeni jemgyýetiniň başlygy Nurgeldi Seýidow mübärekledi we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowa milletara dostlugy we Türkmenistan bilen Sankt-Peterburgyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen halkara taslamalary durmuşa geçirmekde yzygiderli goldawy hem-de ýardamy üçin hoşallyk bildirdi.

Sankt-Peterburgyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ýewgeniý Grigoriýew öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň diňe türkmenleriň däl, şeýle hem dünýä medeniýetiniň mirasy bolan şygryýetiniň aýratyn ornuny – ynsanperwerlik we watançylyk ugruny, bahasyna ýetip bolmajak paýhasyny we eserleriniň döwrebaplygy bilen ajaýyp sazlaşygyny nygtady.

Çäre aýdym-saz we tansly çykyşlar bilen dowam etdi. Dizaýnerleriň nepis lybaslarynyň we türkmen gelniniň aňyrdan gelýän lybaslarynyň görkezilişi duşuşyga ýatdan çykmajak özboluşly röwüş çaýdy.

Gülsenem GÜJIKOWA,

Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok