Dogry iýmitlenmek – sagdynlygyň gözbaşy

Adamzadyň bedeniniň kuwwatlylygy, kesellere durnuklylygy ilkinji nobatda kabul edilýän iýmit önümlerine bagly bolup durýar. Dogry iýmitlenmek – beden saglygynyň gözbaşydyr.

Iýmit kabul edilende adamyň ýaş aýratynlyklary we beden saglygy göz öňünde tutulmaly. Çagalar, garry ýaşly adamlar, göwreli aýallar, şeýle hem öz gezeginde syrkaw adamlar kada laýyk iýmitlenmeli. Iýmit kabul edilende onuň görnüşine görä günüň dowamynda haýsy wagtda iýmitlenilmegi ýörite lukmanlar tarapyndan maslahat berilýän kadalara laýyk gelmeli. Iýmit önümleriniň ýany bilen kabul edilýän içgiler hem özboluşly talaplara eýe bolmaly.

Adamyň gündelik iýmit rasiony witaminlere we beýleki peýdaly elementlere baý, ýokary kuwwatlylyga eýe bolan iýmitlerden düzülmeli. Irdenlik kabul edilende hökmany suratda süýt, ýumurtga önümlerinden, gök we miwe önümlerinden düzülmeli. Ýany bilen şireli miwe içgileri kabul edilmegi hökmany bolup durýar.

Günortanlyk hamyrdan taýýarlanylan we etli naharlar kabul edilse talabalaýyk bolýar. Ýany bilen hökmany suratda gök önümlerden taýýarlanan işdäaçarlar kabul edilmeli.

Gijelik naharlar ýeňilräk bolsa gowy. Ýany bilen miwe önümlerini kabul etmeli.

Adam hökmany suratda hepdäniň dowamynda balyk önümlerini kabul etmeli. Sebäbi balykdan taýýarlanylan iýmitlik önümleri ýokary derejede ýokumly maddalary özünde saklaýar.

Aşa ajy ýa-da duzly we öte süýji önümlerden gaça durmaly. Gaýnadylan suw içmeklik iýmitiň aşgazanda gowy siňmegine ýardam berýär. Miweler we gök önümler çigligine iýilende, hökmany suratda gaýnan suw bilen ýuwulmaly. Halk arasynda “Görk agyzdan” diýilmekligi ýöne ýerden däldir. Adam iýýän iýmitine üns berip, dogry iýmitlenmegi ýola goýsa, sagdyn ýaşaýyş durmuşyny alyp barýar.

Selbi MÄMMETSÄHETOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň iýmit gigiýenasy
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok