Geçen ýyl Angliýanyň paýtagty Londondaky Kew Royal Botanika bagynyň gözlegçileri 74 sany täze ösümligi we 15 sany kömelek görnüşini tapdylar. Bu ösümlikler we kömelekler wulkanlaryň golaýynda, gaýalaryň ýokarsynda we şuňa meňzeş garaşylmadyk ýerlerden tapyldy.
Alymlar täze görnüşleri gyssagly goralmalydygyny olaryň ýitip ýok bolup biljekdigini aýdýarlar. Näbelli ösümlikleriň dörtden üç bölegi ýok bolmak howpy astynda.
Alymlaryň pikiriçe, 2023-nji ýylda täze tapylan 10 görnüş tebigatyň gözelligini we täsinligini görkezýär we biodürlüligiň ýitmeginiň we howanyň üýtgemeginiň howplary barada aç-açan duýduryşdyr.
Alymlar täze tapylan ösümlik we kömelek görnüşlerine ylmy at bermegiň we olary goramaga degişli çäreleri görmegiň adamzada peýdaly ýerleri derňemek üçin ilkinji ädimdigini aýtdy.
Alymlar her ýyl ortaça 2500 täze ösümlik görnüşini we 2500 täze kömelek görnüşini tapýarlar we olary ylmy taýdan atlandyrýarlar. Hasaplamalara görä, entek resmi taýdan beýan edilmedik 100,000 töweregi ösümlik bar. Kömelekler üçin bu görkeziji has ýokary bolup durýar.
Aknabat HOWASOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler