Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ynha bu ýylymyz hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyny nazarda tutup, Türkmen şygryýetiniň ägirdiniň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip kabul edildi.

Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly“ diýlip yglan edilmegi, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi beýik söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat gymmatlygydygyna şaýatlyk edýär.

Biziň Darganata etrabyndaky 4-nji “Bägül” çagalar bagymyzda hem ýylyň täze şygaryna bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň barşynda çagalar bagynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik gurmalarynyň wekilleri we çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler çykyş edip ýylyň täze şygarynyň tüýs ýerine düşendigini belläp geçdiler. Dabaraly çäräniň gidişi bolsa Magtymguly Pyragynyň goşgulary we şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar bilen sazlaşyp dowam etdi.

Asly halal her bir türkmen ojagyna rysgal-bereket, döwlet, saglyk, bagtyýarlyk, agzybirlik, jebislik, şatlyk-şowhun ýar bolsun! Bagtyýarlygy baýdak edinip, aýdyň ertirlere sary ynamly öňe barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Watanymyz güllesin, gül açsyn!

Mähri ABAÝEWA,

Darganata etrabyndaky 4-nji
“Bägül” çagalar bagynyň
terbiýeçisi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok