Barwinok güli

Barwinok – ýazylyp ýatýan baldaklary bolan ösümlikleriň bir görnüşi bolup, hemişe gök öwüsýän owadan ýapraklary bardyr. Ol köpýyllyk ösümlik hasaplanýar. Onuň uly, owadan reňkli gülleriniň her biri aýratyn bir baldakda ýerleşýär. Gülleri 5 sany aýry-aýry bolan gül ýapraklardan durandyr.

Barwinok gülüniň ýapraklary ajaýyp güýç we janlylyk bilen beýleki ösümliklerden tapawutlanýar. Olar hat-da garyň aşagynda-da täze görnüşini saklaýarlar. Şonuň üçin hem olar tokaýlardan baglara we seýilgählere geçirilýär, bezeg hökmünde ulanylýar. Hoşboý ysly gyrmyzy gülleri ýazyň başynda açyp başlaýar, ýöne adamlar onuň güllerine köp üns bermeýärler. Bu ösümlik hakda birnäçe rowaýatlar hem bardyr.

Bu güller esasan hem bezeg üçin ösdürilýär. Olar güllän wagtynda örän owadan bolýarlar. Şonuň üçin hem Awstraliýa we Germaniýa ýaly ýurtlarda olary adamlar penjirelerinden asyp goýýarlar. Bu gülüň ýyldyrym çakanda öýleri gorajakdygyny hem aýdýarlar. Barwinok zäherli ösümlikdir. Halk lukmançylygynda ony içgeçmede, diş agyryda, gan akmada ulanýarlar.

Barwinok çornobrids, kalino, malwo bilen bir hatarda Ukrainanyň nyşany hasaplanýan ösümliklerden biridir. Rowaýata görä, ol aşyklar – Bar atly ýigit bilen Winkin atly gyzyň hormatyna ,,barwinok’’ adyny beripdirler. Bu gül gyşyna hem solmaýanlygy, hemişe gök öwsüp durýandygy sebäpli ol nikalaşmagyň, söýginiň nyşany hasaplanýar. Alymlar hem bu gülüň halk döredijiligindäki orny barada köp eserler ýazyp geçipdirler.

Mahliýa ROZYMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok