“Güneşli” atly täze çagalar we ýetginjekler köşgi gurlar

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti dikuçar bilen Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat-gurluşyk toplumy boýunça orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimize işleriň alnyp barlyşy barada habar berdi.

Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilim almaklaryny, hünär edinmeklerini maksat edinýän, häzirki wagtda hereket edýän çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze, “Güneşli” ady bilen guruljak merkeziň gurluşygynyň meýilleşdirlişi barada hasabat berdi.

Döwlet baştutany täze toplumyň bina ediljek ýerini kesgitledi we toplumy gurmaklygyň çäklerinde halkara bäsleşigi yglan etmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle-de, çagalara we ýetginjeklere niýetlenen bu toplumyň paýtagtyň gözel ýerleriniň birinde, ekologiki gurşawda döredilmeginiň ýaş nesliň aň we ruhy taýdan kämilligine oňaýly täsirini ýetirjekdigini belläp geçdi.

“Güneşli” atly bu toplumyň gurluşygynyň şekil taslamasynda çagalar üçin sport we oýun meýdançalarynyň, medeni çäreleri geçirmek üçin ýörite meýdançalaryň, amfiteatryň, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin meýdançanyň, suw toplumynyň, şol sanda tehniki, hojalyk desgalarynyň göz öňünde tutulandygy bellenildi. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok