Pargeliý – ýalan gün hadysasy

Biziň ýaşaýan Galaktikamyzda geň-enaýy hadysalara ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Tebigatda adaty bolmadyk hadysalara köp ýüz berilýär. Şeýle hadysalaryň biri-de – “Ýalan Günüň” peýda bolmagydyr. Bu hadysa ylymda “Pargeliý”diýlip atlandyrylýar.

Pargeliý atmosferada sapaga ýa-da pagta süýümine meňzeş bolan ýelek şekilli bulutlaryň buz kristallaryndan gün şöhlesiniň döwlüp geçmegi netijesinde peýda bolýar. Kristallar gün şöhlesini döwýärler. Bu hadysa troposfera gatlagynyň 5-10 kilometr beýikliginde bolup geçýär. Pargeliý Gün gözýetimden uzakda wagty günüň dowamynda irdenine ýüze çykýar. Bu hadysa ýylyň dowamynda gyş aýlarynda köp duş gelinýär.“Ýalan Gün dogmasynda” adaty Gün bilen bilelikde bir, iki, üç, dört sany hatda bäşe çenli gün emele gelýär.

Bu täsin tebigy hadysa asmanda Günüň ýerleşýän giňişliginde Gün bilen birmeňzeş beýiklikde ýörite şertlerde gysga wagtda bolup geçýär. “Ýalan gün” biziň gözümize adaty Güne meňzeş ýagtylyk tegmili ýaly görýär. “Ýalan Günüň” peýda bolmagy üçin hökmany suratda aýazly gurşaw gerekdir. Bu hadysanyň ýüze çykýan ýerlerinde ýaşaýan ilat asmanda “Ýalan Gün” peýda bolandan soň, ýaramaz howanyň boljakdygyna, gysga wagtlaýyn ýagşyň ýagjakdygyna ýa-da güýçli ýeliň geljekdigine yrym edýärler.

Mylaýym ATAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk

institutynyň Agroekologiýa
hünäriniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok