S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde höwesjeň telekeçileçileriň, talyp ýaşlaryň we raýatlaryň gatnaşmagynda ylmy pikir alyşma duşuşygy geçirildi.
Bu gezekki duşuşykda telekeçi-maslahatçy Säher Aşyrow “Marketing” temasy boýunça çykyş etdi.
Biznesiň ähli pudaklarynda boluşy ýaly oba-hojalygy işewürlik mehanizmlerinde marketing we satyş strategiýalary möhüm orun eýeleýär. Şol sebäpli bu gurallary dogry we sowatly ulanmagy başarmaly, diýip Säher Aşyrow belläp geçdi.
TSTB-nyň oba hojalyk boýunça agzalarynyň TOHU-da geçirilýän hepdelik ylmy pikir alyşma maslahatlarynyň bu möwsümdäki soňky duşuşygy boldy.
Nobatdaky möwsüm 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda badalga berer.
TOHU-daky ylmy pikir alyşma maslahatlarynda möwsümiň soňky çykyşy
26.06.2023
21:15
0
Teswirler