Ösümlik dünýäsiniň täsinliklerinden

  • Tokaý zolagynda iň meşhur ösümlik dub agajydyr.
  • Simmetriki (haçly) ösümlikler şunuň ýaly gül görnüşine eýe bolany üçin şeýle atlandyrylýar, has takygy, olaryň gül ýapraklary şeýle tertiplenýär.
  • Malaýziýanyň altyn orhideýasy iň gymmatly ösümlikleriň biri. Ol ilkinji gezek diňe 15 ýaşyndaka gülleýär.
  • Adatça liliýalar süýki ysly bolýar, käbirleriniň ýakymly, ýiti we şekerli ysy bar. Tohumçy seleksionerler hatda bütinleý yssyz liliýalaryň dürli görnüşlerini hem döretdiler. Käbir liliýalar zäherli hem bolýar. Liliýalary ýatylýan otaga salmazlyk has gowusydyr, sebäbi ysyň uzak wagtlap täsir etmegi kelleagyry ýa-da allergiýa sebäp bolup biler.
  • Ýaprakly agaçlar tozan we zyýanly maddalary ýygnaýjylardyr. Şonuň üçin ýaprakly tokaýlarda gaty arassa hem tämiz howa bar.
  • Gülleriň käbir görnüşlerini iýip bolýar we olardan tagamly işdäaçarlar, mürepbeler taýýarlanýar.
  • Snapdragon ösümligi özüniň täsin şekilli miweleri bilen tapawutlanýar. Ol adam kellesi görnüşinde ulalýarlar.
  • Gyzyl kelemdäki şire boýag hökmünde ulanylýar. Ol önümlere gök reňk berýär.
  • Ýapon tohumçylary az ýer tutýandyklary üçin we aňsat daşamak üçin inedördül garpyzlary ösdürmegi başardylar.
  • Tokaýdaky ösümlikler dermanlyk we zäherli bolup biler. Sosna we kedr howa üçin süzgüç hökmünde hereket edýär we ol özünden peýdaly elementleri goýberýär.
  • Sitrus miweleriniň hem gibridleri bar. Mysal üçin, mandarin bilen apelsiniň çaknyşdyrylmagy bilen klementinler alnan.
  • Howuzlarda ösýän suw ösümlikleriniň örän kiçi gülleri bolýar. Olaryň diametri bary-ýogy 1 mm-e deňdir.
  • Bambuk hemişe ýaşyl öwüsýär, ýapraklaryny düşürmeýär. Ol örän uly ululyklara ýetip bilýär. Boýy 38 metre çenli ösýän nusgalary hem bar.
  • Ösümliklerden lukmançylykda köp ulanylýanlarynyň biri-de mandragordyr (selmelek). Ol köküniň adam şekiline meňzeýändigi bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin gadymy döwürde ösümligiň jadyly häsiýetleri bar diýlip hasaplanylypdyr.
  • Kädi gülleri diňe bir owadan bolman, ol köp ýurtda iýilýär.
  • Suwuň duzlydygyny kesgitlemäge kömek edýän, gök öwüsýän gara gök we gyzyl-gyrmyzy gülli uly ösümlik bar. Eger suw duzly bolsa onuň ýapraklarynda ýeňil örtük peýda bolýar.
  • Sosna Russiýanyň tokaý zolagynda iň köp ýaýran agaçdyr. Şol bir wagtyň özünde, gyş üçin iňňelerini dökýär.
  • Gülleriň sözlügine görä, gyzyl çigildemler hakyky söýgini, gyrmyzy çigildem bolsa wepalylygy aňladýar.
  • Iň gadymy güller Germaniýanyň Hildeshaým şäherinde ösýär. Mysal üçin, ol ýerde 1000 ýyldan gowrak ýaşy bolan gülli gyrymsy agaç bar.
  • Dyrnakgüllüler islendik toprakda ösüp bilýärler. Ösümlik deri kesellerine garşy täsirli bolup, üstesine-de, ýylylygy we gyzgyny gowşadýar.
  • Kömelekler tebigatyň sanitarlarydyr, olar ösümlikler ölenden soň olary çüýredýärler.
  • Amerikadan gelip çykan fizalis ösümligi özüniň daşky keşbi çyra meňzeýän miweleri bilen tapawutlanýar. Onuň 100 töweregi görnüşi bar. Bezeg görnüşleri hem bar, olara “hytaý çyralary” hem diýilýär. Reňkleri gök, gyzyl, mämişi ýa-da sary bolýar. Guradylan miweleri gül çemenleri bezemek üçin ulanylýar.

Oguljan TUWAKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok