Diňe awtoulaglar barada..

  • Zeminiň ilkinji awtoulagyny 1668-nji ýylda ýewropaly Ferdinand Werbist oýlap tapypdyr. Onuň ulagy 2 metr uzynlykda bolup, bug bilen işleýän eken.
  • Bir awtoulag, takmynan, 30 müň bölekden ybarat bolup, olaryň 80 göterimi gaýtadan ulanmak mümkin bolan önümlerden durýar.
  • Häzirki wagta çenli dünýäde iň köp satylan ulag «Toyota Corolladyr». Ol 2009-njy ýyldan bäri 30 milliondan hem köp satylypdyr. Munuň özi dünýäde her 40 sekuntda bir «Toyota Corollanyň» satylýandygyny aňladýar.
  • Zemindäki iň gymmat awtoulag bahasy 4,8 million amerikan dollaryna barabar bolan «Koenigsegg CCXR Trevita» ulagydyr. Almaz bilen gaplanan bu ulagdan dünýäde bary-ýogy 3 sanysy bar.
  • Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
  • «Toyota» dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kärhanasydyr. Onda her gün, takmynan, 13 müňden gowrak awtoulag öndürilýär. Munuň tersine «Ferrari» kärhanasynda bir günüň dowamynda aňry gitse 14 awtoulag ýasalýar.

Selbi BÄŞIMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok