Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda eziz ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň oňyn üstünliklere, rowaçlyklara beslenmegi netijesinde ata Watanymyzyň ýagty ertiri, bagtyýar geljegi bolan ýaş nesilleriň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, kämil hünärli, ruhubelent ýaşlar hökmünde okamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri ugrunda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň yzygider kämilleşdirilmegi ýaş nesliň jemgyýetiň kämil raýatlary bolup ýetişmegine we ähli ugurlar boýunça amala aşyrylýan netijeli işlere işjeň gatnaşmaklaryna ýol açýar. Bilim – ösüşiň netijeli guraly hökmünde islendik döwletiň kuwwatlylygyny kepillendirýär. Bilim – kämilligiň çeşmesi, özgerişleriň gözbaşy. Şol nukdaýnazardan hem, eziz Diýarymyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ruhunda, täzeçil usullarynda barha döwrebaplaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatdaky beýik başlangyçlar halkymyzyň şu gününe we ýagty geljegine bolan sarsmaz ynamyny, bagtyýarlygyny, abadançylygyny dabaralandyrýar. Sanly ulgamyň bilim edaralaryna giňden ornaşdyrylmagy bilim-terbiýe bermek, okatmak işinde ençeme ýeňillikleri şertlendirýär, her bir ýola goýulýan işiň netijeliligini artdyrýar. Sanly bilim ulgamynda peýdalanylýan sanly tehnologiýalar, sanly serişdeler, akylly enjamlar, elektron maglumat göterijiler, wideo we audio şekilli ýazgylar bilim bermek işinde netijeli peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamynyň şeýle mümkinçilikleri dünýä ylmy, dünýä tejribesi bilen aýakdaş gitmäge, bu ugurda özara tejribe alyşmaga, ylmy-tehniki barlaglary alyp barmaklyga uly mümkinçilikleri açýar. Netijede bu gün ylymdan paýly türkmen ýaşlary täze eýýamyň Galkynyşyndan ruhlanyp, dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urýarlar. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar. Bilim edaralarynda okatmagyň sanly usulyna geçilmegi, internet torunyň elýeterli bolmagy dünýäniň abraýly ylmy merkezleriniň möhüm maglumatlaryndan peýdalanmaga itergi berýär. Berkarar Watanymyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinini, döredijilik ussatlygyny ýüze çykarmak, ylym-bilim goruny giňeltmek we ösen aň-düşünjeli bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Ata ýurdumyzyň gülläp ösmegi-de, ilkinji nobatda, bilim hem ylmyň ösüşine baglydyr. Hut şonuň üçin, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlarymyzyň kämil bilim goruna eýe bolup, ösen aň mümkinçiliklerini doly açmagy, kämillleşmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ajaýyp üstünlikleri şanly ýylymyzyň aýratyn öwüşgini bolup, buýsançly ýüreklerde bagtyýar döwrümize bolan söýgüni has-da goşalandyrýar.
Şemşat NIÝAZMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler