«NASA» Aýda kislorod turbageçirijisini gurmagy meýilleşdirýär

Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy bolan «NASA» ýakyn ýyllarda amala aşyrjak «Artemis» taslamalary bilen ýene-de Aýa gadam basmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa «NASA» Aýa gadam basmak bilen dürli meseleleriň ýüze çykjakdygyny esasan hem Aýda uzak wagtlap bolmak üçin kislorod ýetmezçilik etjekdigini mälim edýär. Şu nukdaýnazardan, «NASA» «Artemis» taslamasy üçin Aýyň günorta böleklerini we käbir beýleki ýerlerini kislorod bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär.

«NASA» Aýyň dürli sebitlerinde kislorody üpjün etmek üçin kislorod turbageçirijisini ulanmagy meýilleşdirýär. Aýda ulanyljak kislorod turbageçirijisi resmi taýdan «LSPOP» diýlip atlandyrylýar.

«NASA» «Artemis» taslamasy bilen Aýyň günorta bölegine gonmagy meýilleşdirýär. Sebäbi Aýyň günorta böleginde ýaşamak üçin käbir şertler, doňan buz bar. Bu ýerdäki doňan buz adamyň ýaşamagy üçin kislorody we suwy üpjün edip biler diýlip çaklanylýar. Mundan başga-da doňan buz gatlagyny raketa ýangyjy hökmünde hem ulanyp bolar.

Aýyň dürli sebitlerini kislorod bilen üpjün etmek diňe bir kislorodyň üznüksiz elýeterliligini üpjün etmän şol bir wagtyň özünde transport çykdajylaryny hem ep-esli azaldar.

Kakageldi ESENMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok