«CGTN» teleýaýlymy Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa sapary baradaky pikir-garaýyşlary paýlaşýar

Mälim bolşy ýaly, Hytaýyň «CGTN» halkara habarlar teleýaýlymy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen maglumatlary alyşmak ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Şoňa görä-de, tomaşaçylar saparyň öň ýanynda-da, onuň dowam edýän günlerinde-de hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň taryhyndan we şu gününden söz açýan telegepleşikler, seljerme häsiýetli wideosýužetler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Ýeri gelende, teleýaýlymda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň tapgyrlaryna bagyşlanan «Hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň miweleri» atly gysga göwrümli dokumental filmiň taýýarlanyp, köpçülige ýetirilendigini hem bellemek gerek.

«CGTN» teleýaýlymynda görkezilen gepleşikleriň ýene birinde Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň professory Sýue Fusi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa döwlet saparynyň ähmiýeti baradaky pikir-garaýyşlaryny paýlaşýar. Onuň sözlerine görä, Hytaý Türkmenistan, şol sanda Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen özara hereketlerini işjeňleşdirmäge taýýar. Şoňa görä-de, hytaý tarapynyň ýakyn wagtlarda ikinji «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitini geçirmegi teklip etmeginiň hyzmatdaşlygyň bu guralynyň has-da kämilleşdirilmegine itergi berjekdigi şübhesizdir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok