Diplomatiýa mekdebiniň talyplary Ýaşlar baýragynyň eýesi boldular

Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara Gatnaşyklary institutynyň talyplaryň Sona Halykowa we Aýlar Atajykowa 2022-nji ýylyň Ýaşlar Baýragynyň eýeleri boldy.

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ugurlarda zehinli  ýaşlaryň 75-sine Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly at berildi.

 Şol baýraga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň iki talyby ýagny Aýlar Atajykowa we Sona Halykowa mynasyp boldy.

Aýlar Atajykowa bu baýragy almagy bilen baglanşykly öz duýgularyny şeýle beýan etdi:

“Baýragyň gowşurylyş dabarasy ömrümde ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi adyna eýe bolmak örän uly bagt. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde ýaşlara aýratyn orun degişli. Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Men hem geljekde ýurdumyzyň ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny dünýä ýüzünde şöhlelendirjek halkaraçy žurnalist bolup ýetişjekdigime ynandyrasym  gelýär.”

Şeýle-de şol institutyň ýene bir talyby Sona Halykowa şeýle diýdi:

“Şeýle bir günler bolýar. Ömrüňe many, günleriňe öwüşgin, ýüzüňe ýylgyryş, göwnüňe bolsa aram düşeýär. Ol günler hakydaňda öçmejek yz galdyryp, ýaşyň bir çene baranda hem buýsanç bilen ýatlanýar. Meniň durmuşymdaky şeýle ajaýyp günleriň biri üstünden näçe wagt geçse-de uly tolgunma bilen ýatlanjak, aňymda baky orun aljak 16-njy noýabr boldy. Baky ýaşlygyň nyşany bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni diňe bir meniň durmuşymda däl, eýsem, meniň bilen bir hatarda ýene-de 74 sany ýaşlaryň we olaryň ýakynlarynyň aňynda ebedilik galar diýsem ýalňyşmaryn. Sebäbi bugün ýurdumyzyň ähli pudaklarynda öňdebary netijeleri gazanan ýaşlaryň 75-sine Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy uly dabara bilen gowşuryldy. Bu ajaýyp senäniň maňa ýaşaýyşy peşgeş beren hossarlarymyň kümüş ýyllygy bilen gabat gelmegi meni has-da begendirdi.” diýip nygtap geçdi.

Kadyrmyrat Öwezgylyjow,
 Türkmenistanyň Daşary
Işler ministrliginiň
 Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara hukugy fakultetiniň İ ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok