Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji baharynda Türkmenistanyň halkara abraýynyň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýän ýene bir hoş habar gelip gowuşdy. Şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Soňky ýyllarda welosiped sportuna bolan isleg artdy. Ýurdumyzda ýaşlardan başlap, ýaşululara çenli ähli raýatlarymyz welosiped sporty bilen meşgullanýarlar, gezelenç edýärler. Sebäbi, welosiped süreniňde keýpiň çaglanýar, saglygyň berkeýär, ata Watana, türkmen tebigatyna bolan söýgiň has-da artýar.
Ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň ösdürilmegi, oňa halk köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şeýle işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň belent derejelere çykmagyny şertlendirýär.
Häzirki wagtda Diýarymyzda «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň», ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň, şeýle hem «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» çäklerinde uly işler alnyp barylýar.
Hoşgeldi ŞATLYKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler