Welosiped – ulag ulgamy hökmünde

Bütin dünýäde giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň has meşhur görnüşleriniň biri hem welosiped sporty bolup durýar. Onuň taryhy 1869-njy ýylda Fransiýanyň Pariž we Ruan şäherleriniň arasynda geçirilen ilkinji iri ýaryşlardan başlanýar.

Sport we bedenterbiýe ynsanda döredijilik hereketlerini, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň çeşmesi hasaplanýar.

Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri ynsana öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologiýa taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar.

Ählimize mälim bolşy ýaly, golaýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen " Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek" atly Kararnama kabul edildi.

Birleşen Milletler Guramasy bu Rezolýusiýany kabul etmek bilen, jemgyýetde welosipediň ähmiýetini wagyz etmek, beden hem-de ruhy sagdynlygyň möhüm serişdesi hökmünde welosipedli ýörişleri guramak ýaly, halkara çäreleriň bileleşik tarapyndan ykrar edilýändigini we doly goldaýandygyny tassyklady. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada öňe sürýän syýasatynyň doly ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Bitarap Türkmenistan abraýly halkara guramalarda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp gelýär. Sport baradaky garaýyşlar hem Bitarap döwletimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Bütindünýä welosiped güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça degişli Rezolýusiýa bilen bellenildi. Dünýäniň 56 döwleti bu Rezolýusiýanyň awtordaşy bolup çykyş edýär.

Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçihanalary tarapyndan welosipedli ýörişler guralýar we oňa dünýäniň köp sanly şäherleriniň ilaty işjeň çekilýär. Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hasaplanylýan sportuň örän giň mümkinçiliklerini öz içine alýan halkara baýramçylykdyr. Amala aşyrylýan özgertmeleriň, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş gymmatlygy hasaplanylýan adamyň saglygy durýar. Çünki biziň ýurdumyzda halkyň saglygy Watanymyzyň baýlygy hasaplanylýar.

.

Aýna Berdiýewa,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň
daşary ýurt dilleri kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok