Aşgabatda açylan “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahata we sergä «Röwşen» aýakgap hususy kärhanasy hem gatnaşýar. Bu kärhana geçirilýän nobatdaky sergide türkmen alabaýynyň şekili ýerleşdirilen aýakgaplaryň birnäçe görnüşini görkezdi. 2022-nji ýylyň ýaz-tomus we güýz-gyş aýlaryna niýetlenen ýokary hilli, döwrebap, milli biçüwdäki aýakgaplar sergä gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Kärhananyň wekilleriniň pikiriçe, täze görnüşler zawodyň iň gowy däplerinde 100 göterim arassa deriden ýasalýar.
2003-nji ýyldan bäri aýakgap önümçiligi bilen meşgullanýan «Röwşen» aýakgap hususy kärhanasynyň golaýda Russiýa Federasiýasynyň Domodedowo şäherinde (Moskwa oblasty) öz şahamçasynyň açylandygyny ýatladýarys. Bu bolsa kärhananyň diňe bir içerki bazarlarda däl-de, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islegden peýdalanýandygyna şaýatlyk edýär.
Babamyrat Nurjykow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler