Milli Liderimiziň başda durmagynda sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler örän bimöçberdir.Gahryman Arkadagymyz boş wagtlarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähmiýet berýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak ähli ýaşdaky adamlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmegine, ynsan bedeniniň berkemegine kömek edýär. Yzygiderli bedenterbiýe maşklary adamda oňyn şahsy häsiýetleriň, işjeň durmuş hereketiniň kemala gelmegini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport we bedenterbiýe adamlaryň saglygynyň köpugurly guraly we onuň ukyplarynyň amala aşmagynyň hem-de ösüşiniň esasy şerti bolup durýar.
Hawa, döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwesek watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.
Ýokary netijeli sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň türgenlerimiz halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşýar, olaryň gazanan medallary we ýeňişleri eziz Diýarymyzyň abraýyny hem-de türkmenistanlylaryň ata Watanymyza buýsanjyny artdyrýar, milli sport mekdebini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Eziz Diýarymyzda sport bilen meşgullanjak her bir adam üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Diňe paýtagtymyzda däl, eýsem welaýat merkezlerimizdir etraplarymyzda-da dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlary, mekdepleri gurlup, türgenleriň hyzmatyna berildi. Döwrebap sport-sagaldyş düzümlerini giňeltmek, olaryň dünýä ölçeglerine kybap gelmegi üçin düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýurdumyzda gurulýan bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisiniň taslamalary hökmany ýagdaýda örän gowy abzallaşdyrylan sport zallaryny, basketbol hem-de woleýbol meýdançalaryny, suwda ýüzülýän howuzlary, tennis kortlaryny we beýlekileri özünde jemleýär. Şeýle maksatly desgalaryň ýene onlarçasy gurulýar. Bu bolsa biziň buýsançly başyny has-da Arşa göterýär.
Kerimmyrat DAŇATAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler
Gowy makala