Hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ol elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar.
Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda oňa geçmek mümkin boldy. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ilkinji nobatda ilatyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyna itergi berýär.
Okatmagyň usulyýeti häzirki zaman durmuşyň talaplaryna laýyklykda kämilleşýär we özgerýär. Sanly sowatlygy ösdürmek üçin bolsa döredijilikli çemeleşmeleri ulanylýar. Maglumat jemgyýeti elektron hyzmatlaryny sarp edijä niýetlenen we sanly sowatlylyk bolsa raýatlygyň möhüm durmuş başarnyklaryny eýelemekligine ýardam edýär. Sanly sowatlylyk häzirki döwrüň adamyň ösüşiniň möhüm itergijisi bolup durýar. Bilermenleriň pikirine görä, sanly sowatlylyk aşakdaky düzüm böleklerini öz içine alýar: kompýuter sowatlylygy, maglumat sowatlylygy, aragatnaşyk sowatlylygy, metbugat sowatlylygy we tehnologiki täzelik.
Bir şahsyň sanly sowatlylyk derejesi ol hem, adamyň köp mukdardaky maglumat çeşmelerinde zerur maglumatlary tapyp ony özleşdirip bilmegi, sanly çeşmeleriň peýda bolmagy bilen açylýan mümkinçiliklerden peýdalanyp bilmegi. Sanly sowatlylygy bolan adam, özi üçin zerur maglumatlary, internetdäki ägirt uly maglumat akymlaryndan saýlap wirtual dünýäniň işleýşine düşünip, sanly gurşawda howpsuz bolmagyny başarýar. Umumy sanly sowatlylyk derejesi, her bir raýatyň sanly sowatlylyk derejesinden emele gelýär. Şonuň üçin sanly sowatlygyň maksatnamalary ilatyň hemme gatlaklaryň arasynda giňden ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplygyny artdyrmagyna ýardam edýär.
Ýaşlara ylym-bilim dünýäsine ymykly aralaşmaga ak ýollary açyp beren Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Ýazmuhammet SAPAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler