Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy – sebitleýin hökümetara ykdysady guramasy bolup, 1985-nji ýylda döredildi. Guramany esaslandyryjy döwletler:  Eýran Yslam Respublikasy, Päkistan hem-de Türkiýe Respublikasydyr. 1992-nji ýylda bu gurama başga döwletler bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny  has-da işjeňleşdirdi. Guramanyň düzümine birnäçe döwletler goşulmana başlady. Agza döwletleriň ykdysady,  tehniki we medeni hyzmatdaşlygyny ilerletmek; sebitiň dünýä söwdasyndaky  ornuny artdyrmak; agza döwletleriň dünýä ykdysadyýetine yzygiderli utgaşygyny üpjün etmek; sebitiň ýurtlaryny biri-biri hem-de daşarky dünýä bilen baglanyşdyrýan ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek; sebitiň agrar we senagat mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak; neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy tagallalary birleşdirmek, daşky gurşawy goramak, sebitiň halklarynyň arasyndaky däp bolan medeni aragatnaşyklary berkitmek; sebitara we halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işiniň esasy maksatlary bolsa, onuň ugurlary gurama agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň iki ýyldan bir gezek geçirilýän sammitlerinde kesgitlenilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki sammite gatnaşmagy we ýurdumyzyň bu gurama ýolbaşçylyk etmäge girişmegi Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, sebitleýin düzümler, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygtyýarlydygyny alamatlandyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda bu abraýly we iri halkara guramada Türkmenistanyň başlyklyk etjek döwründe esasy ileri tutulýan ugurlar barada belläp geçdi. Ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulaglarda we kommunikasiýalarda, medeniýet hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini giňeltmäge ýardam bermäge strategik wezipe hökmünde garaýandygyny bellenilip geçildi. Milli lidermyz haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň maksat edinilýändigini nygtamak bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde ykdysady ugurlary işläp başlamagy teklip etdi. Bu maksatlary amala aşyrmakda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynyň esasy orny eýelejekdigini belledi. Ýol gurmak, halkara ýol-ulag aragatnaşygyny ösdürmek hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň kämilleşmegini nazarlaýar. Ýol baran ýerde söwda-ykdysady gatnaşyklar ösýär, şol gatnaşyklar halklaryň medeniýetleriniň baýlaşmagyna täsir edýär, diplomatik gurallary kämilleşdirýär, halklaryň, döwletleriň, sebitleriň gülläp ösüşine, ähliumumy abadançylygy pugtalandyrmaga täsir edýär.

Türkmenistanyň dünýäni jebisleşdirýän, halklary ýakynlaşdyrýan ýollary, köprüleri gurmak baradaky başlangyçlary dünýäde giňden ykrar edilýär. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň indiki mejlisi şu ýylyň 26-28-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçiriler. 26-njy noýabrda gurama agza ýurtlarynyň ýokary derejedäki wekilleriniň duşuşygy, 27-nji noýabrda bolsa guramanyň daşary işler ministrleriniň duşuşyklarynyň geçiriljekdigi aýdyldy.  

.

                                                                          Adolat  KURANBAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara  gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok