SANLY ULGAMYŇ DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLERI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky” Konsepsiýa kabul edildi. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady elektron görnüşdäki, ýagny, sanly maglumatlary öwrenijiler köpçüligine ýetirmek, sapaklara degişli maglumat dolanşygyny kämilleşdirmek we bilim pudagynda sanly bilimi ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle hem, Konsepsiýa maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda, ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Konsepsiýanyň derwaýyslylygy we innowasion häsiýetliligi pedagoglaryň hünär kämilleşdirmesiniň ýa-da okatmagyň adaty şowly usullary we tehnologiýalary bilen öň mümkin bolmadyk wirtual bilim giňişliginiň integrasiýasynda jemlenendir.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli esasda alnyp barylýar. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.

Nazilýa KAHRAMANIÝA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok