Çagalar her bir döwletiň ýagty geljeginiň başlangyjy bolup durýandyr. Olaryň ýokary ahlak sypatlaryna eýe bolmaklaryny we ylym bilimiň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmeklerini gazanmak bolsa biziň esasy aladamyz bolup durýar. Şu mynasybetli hem şu hepde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasyna degişli bolan ýaş hukukçylar gurnagynyň guramagynda çagalaryň gününe bagyşlanyp hepdelik geçirildi. Gurnagynyň agzalary hem-de kafedrasynyň mugallymlary hepdäniň dowamynda birnäçe mekdeplerde çagalaryň hukuklary dogrusynda okuw sapaklaryny gurnadylar.
16-njy noýabrda hem talyp ýaşlar paýtagtymyzda ýerleşýän ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen okuw sapagyny gurnadylar. Sapagyň dowamynda talyplar hem-de mugallymlar “Çagalaryň hukuklary” barada halkara konwensiýasynyň taryhy onuň ähmiýeti dogrusynda çagalara sapak berdiler hem-de sorag jogap alyşdylar.
.
Aýna BABAÝEWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara hukugy hünäriniň II ýyl talyby.
Teswirler