Dünýä çempionaty üçin 200 milliard dollar

Öňümüzdäki ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionaty Katar döwletinde 2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda geçiriler. Özünde geçiriljek bu uly ýaryş üçin Katar döwleti 200 mlrd dollar sarp etdi. . Bu maliýe serişdeleri stadionlar, metro, howa menzilleri, täze şäher we port gurmak üçin çykdajylary öz içine alýar.

Bu uly göwrümli çempionat 5 şäherde we 8 sany stadionda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu baradaky maglumatlary atavatan-turkmenistan onlaýn saýty, Kataryň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi şeýh Ahmed ben Naser ben Jasim Al Tani-nyň habar bermegine salgylanmak bilen ýetirýär.

Saýtda habar berilmegine görä, – Dünýä çempionaty bilen köplenç baglanyşykly 200 milliard dollarlyk möçber Kataryň milli ösüşi we döwrebaplaşdyrylmagy üçin göz öňünde tutulan ägirt uly strategiýanyň bir bölegidir. Toparlar we janköýerler tarapyndan 2022-nji ýylda täze ýollar, metro we howa menzili, şeýle hem myhmanhanalar we syýahatçylyk desgalary ýaly ulanyljak esasy infrastruktura taslamalarynyň köpüsi, ýaryşy geçirmäge hukugymyz bolmazdan ozal meýilleşdirilipdi. Bu taslamalar islendik ýagdaýda amala aşyrylardy, ýöne dünýä çempionaty elbetde ähli işleri çaltlaşdyrdy we ýurdumyz 2022-nji ýylda Katara 1,5 million janköýeri kabul etmäge taýýar – diýip, dünýä çempionatyny guramak boýunça komitetiň aragatnaşyk boýunça ýerine ýetiriji direktory Fatma Al-Naimi hem belläp geçýär.

Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok