Daşkentde agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler

2021-nji ýylyň 7-18-nji dekabr aralygynda Daşkentde agyr atletika boýunça dünýä çempionlygy ugrundaky ýaryş geçiriler. Bu karary sportuň Agyr atletika boýunça Halkara Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşi kabul etdi.

Mundan öň bu dünýä ýaryşyny Perunyň paýtagty Limede geçirmek meýilleşdirilipdi, emma soň bu ýurt ýaryşy geçirmekden ýüz öwürdi. Soňky gezek agyr atletika boýunça dünýä çempionaty 2019-njy ýylda Pataýýada (Taýlandda) geçirildi.

Türkmenistanyň taryhynda dünýä çempionatyna çykyp uly hormata mynasyp bolmak diňe dört agyr atletikaça miýesser edipdi. Ilkini bolup, bu ýokary basgançaga 1993-nji ýylda Melburnda geçen çempionatda Altymyrat Orazdurdyýew çykypdy. Şonda ol 76 kg çenli agram toparynda 370 kg (silkip götermek ‒ 167,5 kg, itip galdyrmakda ‒ 202,5 kg) netije görkezmek bilen, öňe saýlandy.

2017-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň  Anahaým şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda Kristina Şermetowa (53 kg çenli) we Rejepbaý Rejebow (77 kg çenli) dagy kümüş medal gazandylar.

Şu ýyl bolsa Halkara agyr atletika federasiýasy türkmen sportçy gyzy Ýulduz Jumabaýewany öň dopinge garşy kadalary bozandygy üçin, ýaryşdan çykarylan Taýlandly Tunýa Sukçaroýeniň ýerine aýal-gyzlar arasynda 45 kg çenli agram toparynda 2018-nji ýylyň dünýä çempiony diýip yglan etdi. Bu barada 2018-nji ýylda Aşgabatda dünýä çempionatyna gatnaşan sportçularyň tabşyran nusgalary täzeden barlanandan soň mälim boldy.

Şu ýylyň dekabr aýynda Özbegistanda geçiriljek dünýä çempionaty barada aýdylanda bolsa, şu ýylyň aprel aýynda türkmen ştangaçylary çempionatyň saýlama tapgyrynda Maksat Meredow (73 kg çenli) we Gülnabat Kadyrowa (71 kg) kümüş medal, Rejepbaý Rejebow (81 kg çenli) we Aýsoltan Toýçyýewa (81 kg çenli) bolsa bürünç medal gazandy. Şu ýaryşlarda Polina Gurýewa Tokioda geçirilen Olimpiada gatnaşmaga hukuga eýe boldy. Ol ýerde bolsa 59 kg çenli agram toparynda çykyş etmek bilen Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji olimpiýa medalyny ‒ kümüş medal gazandy.

Oguljan AMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok