TSTP-nyň Asgabat şäher komitetiniň ýaşlary telekeçilige çekmek barada geçiren nobatdaky duşuşygy maýa goýum meýilnamasyna bagyşlandy.
Telekeçi Säher Aşyrow telekeçilik bilen gyzyklanýan ýaşlar bilen interaktiw sapak geçdi. Bu açyk sapakda öňki hepdelerde berlen ýumuşlar esasynda taýýanyp gelen ýaşlar öz proýektleri bilen çykyş etdiler.
Görkezilen taslamalar hemme taraplaýyn seljerildi we syn berildi.
Telekeçi Aşyrow biznes planda: ideýa, bazar analizi, bäsdeşler, talap, maliýeleşdiriş, marketing ýaly ähmiýetli ädimlerini towuk guşçulyk fermasy mysaly arkaly düşündirdi. Bu duşuşyklar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlary telekeçilige çekmek barada alyp barýan syýasatynyň çäklerinde geçirilýär.
Teswirler