Olimpiýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna ýene sanalgyja gün galdy. Oýunlar 23-nji iýulda başlap – 8-nji awgusta çenli dowam eder. Her gezek bolşy ýaly bu geçiriljek oýunlar hem tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeker.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti hem 32-nji gezek geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýygyndymyzy kesgitledi. Şu ýyl Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek oýunlara aşakdaky türgen ildeşlerimiz gatnaşar:

Gülbadam Babamuradowa — dzýudo (52 kilograma çenli agram derejesinde);

Hojamuhammet Toýçyýew — agyr atletika (109 kilogramdan ýokary agram derejesinde);

Öwez Öwezow — agyr atletika (109 kilograma çenli agram derejesinde);

Rejepbaý Rejebow — agyr atletika (81 kilograma çenli agram derejesinde);

Polina Gurýewa — agyr atletika (59 kilograma çenli agram derejesinde);

Kristina Şermetowa — agyr atletika (55 kilograma çenli agram derejesinde);

Mergen Mämmedow — ýeňil atletika (çekiç zyňmak);

Darýa Semýonowa — suwda ýüzmek (100 metr, brass);

Merdan Ataýew — suwda ýüzmek (100 we 200 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek).

Ýaponiýada geçiriljek ýaryşa diňe bir türgenler däl, eýsem olaryň arasynda resmi wekiller, hünärmenlerdir tälimçiler hem bar. Olaryň hatarynda dzýudo boýunça tälimçi Çemengül Geldibaýewany, Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ikram Mätkerimow bilen Artur Emirýany, halkara derejeli sport ussady, Olimpiýa oýunlaryna dört gezek gatnaşyjy Ömürbek Bazarbaýewi (üçüsi hem agyr atletika), halkara derejeli sport ussady Hajymyrat Rahmanowy (ýeňil atletika) we Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça erkekler we zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Sergeý Ýepifanowy görkezip bolar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Olimpiýa oýunlarynyň çägindäki dzýudo boýunça ýaryşlar 24 — 31-nji iýul aralygynda Tokio şäherindäki «Nippon Budokan» sport toplumynda geçiriler. Sportuň bu görnüşi boýunça türgenler medallaryň 15 toplumy üçin göreşerler. Agyr atletika boýunça ýaryşlarda türgenler medallaryň 14 toplumy üçin güýç synanyşarlar. Ýaryşlaryň Tokionyň Halkara maslahatlar toplumynda 24-nji iýul — 4-nji awgust günlerinde geçirilmegine garaşylýar.

Ýeňil atletikanyň çekiç zyňmak boýunça ýaryşlary bolsa 3 — 5-nji awgustda Tokio Milli Olimpiýa stadionynda geçiriler. Suwda ýüzüji türgenlerimiz 24-nji iýul — 2-nji awgust aralygynda şäherdäki Sportuň suwdaky görnüşleri merkezinde ýaryşlar

Ilaman MYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk

institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok