Beýik Britaniýanyň Halkara söwda departamenti häzirki wagtda Türkmenistan bilen birnäçe bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşylýandygyny habar berdi. Bu baradaky habary arzuw.news web habar portaly trend.az saýtyna salgylanmak bilen habar berýär.
Häzirki wagtda dünýä ýüzündäki pandemiýa sebäpli iki taraplaýyn maslahatlar onlaýn görnüşinde geçirilýär. Departamentiniň nygtamagyna görä, Britan kompaniýalary bolan, Buried Hill, Shell, JCB, De La Rue dürli ugrlarda birnäçe işleri alyp barýar.
Ozal habar berilmegine görä, Türkmenistan bilen Britaniýanyň arasynda söwda dolanyşygy 2019-njy ýylyň ikinji çärýeginden 2020-nji ýylyň ikinji çärýegine çenli 27 million funta (35,8 million ABŞ-nyň dollary) barabar boldy.
Iki ýurduň arasynda esasan-da, himiki maddalaryň, boýag materiallaryň, şaý sepleriň, metal magdanlaryň, senagat enjamlarynyň eksporty we importy edildi.
EGEMOW Begenç
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýeti we
menejment fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Teswirler