Ýaşlary telekeçilige giňden çekmäge bagyşlanan okuw sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplaryny nazaryýetde alan ylymlaryny tejribelikde berkitmeklik maksady bilen, ýaşlary telekeçilige giňden çekmek meselesine bagyşlanan “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň “MB-shoes” önümçilik kärhanasyna okuw saparyny amala aşyrdylar. Okuw saparynyň dowamynda talyplar aýakgap önümçiliginiň gidişi bilen tanyşdylar we hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň beren gürrüňlerini diňlediler. Ol eden çykyşynda “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy köptaraplaýyn ösmek ugrunda alyp barýan ägirt uly işleri hem-de türkmen telekeçilerine berýän bimöçber goldawy esasynda döredilendigini belläp geçdi.
Çykyşyň dowamynda telekeçi talyplara Hojalyk jemgyýetiniň geçen döwrüň dowamynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda we Aşgabat şäherinde 4 sany orta mekdepleri, ak şäherimiz Aşgabadyň görküne görk goşýan “Halkara derejeli ýolagçy awtomenzilini”, “Magtymguly”, “Altyn asyr” seýilgählerini, “Akjadepe”, “Dänata” beketleriniň, “Aksuw deri” gön önümçilik we “Nowruz haly” sintetiki haly önümlerini öndürýän zawodlary, “MB Patisserie”, “MB Döner” restoranlaryny hem-de Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirip, ulanyşa tabşyrandygyny aýtdy.
Halkara ykdysady gatnaşyklar fakultetiniň talyplary “Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň 2019-njy ýylda ýola goýan “MB shoes” we “Meňli shoes” nyşanly özümizde öndürilýän, milli gönümizden taýýarlanylýan döwrabap aýakgaplaryň öndürilşini önümçilik dowam edip durka synladylar. Ähli aýakgaplaryň amatlylygy, ýokary hilliligi we elýeterligi talyplaryň milli önümlerimize bolan islegini has hem artdyrdy.
“Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň aýdyp bermegine göra häzirki wagtda müşderilere 30-46 ölçeglerdäki we çaga aýakgaplary hödürlenýär. Aýakgaplar dabanynyň berkligi we könelmezlige durnuklylygy bilen alyjylary özüne çekýär.
Teleçiniň sözüni aýakgaplaryň italýan dizaýny esasynda ýerli çig maldan taýýarlanylýandygy we häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy ýyllyk 85 müň jübüt aýakgaba barabardygyny aýtmak bilen jemlemekligi gaty özüneçekiji boldy. Talyplary özüne çeken zatlaryň ýene-de biri “MB-shoes” kompaniýasynyň dükanynyň girişinde asylyp goýlan,elde taýýarlanylan gadymy aýakgap boldy. Telekeçiniň aýtmagyna görä bu aýakgap onuň atasynyň atasyndan galypdyr. Okuw saparynyň ahyrynda talyplar kärhananyň ýolbaşçysynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar aldylar we ýadygärlik surata düşdiler.

Döwlet Jumagylyjow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok