Bütindünýä welosiped gününe taýýarlyk görülýär

3-nji iýunda geçiriljek Bütindünýä welosiped gününe sanly günler galdy. Bu sport dabarasynda Türkmen döwlet medeniýet instituty hem taýýarlyk görýär.

Bu institutyň talyplar sport kluby tarapyndan welosiped sürmek boýunça özara ýaryşlary geçirmek meýilleşdirýär.

Şeýle-de Türkmenistanda şu ýylyň oktýabr aýynyň 13-17 aralygynda geçiriljek welosport boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleri görülýär. Bu halkara ýaryş Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginde geçiriler.

Welosipedli sporty wagyz etmek maksady bilen geçen ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabat şäheriniň Bekrewe we Çandibil köçeleriniň sepgidinde “Welosiped” binasy guruldy. Diametri 80 metre, beýikligi 35 metre barabar bolan bu binada türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden geçip gelişi kerwenleriň üsti bilen, bütin Ýer ýüzüniň ýüregiligi şekillendirilen Ýeriň şarynyň üsti bilen we biziň ýurdumyzda sagdyn hem gujurly ýaşlaryň kemala gelýänligi binanyň daşyndan halka gurup, aýlanýan ýaş welosipedçileriň üsti bilen çeper beýan edilipdir.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Serdar Çaryýew,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby,
institutyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji

guramasynyň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok