2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramyny bellemek hakynda Karara gol çekdi. Karara laýyklykda 13-nji maýda mukaddes Remezan aýynda Oraza baýramyny bellemeklik karar edildi. Bu barada Turkmenportal habar berýär.
Eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan ähli edaralar, kärhanalar we guramalar bu Kararyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär – diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde bellenildi. Karar halkyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köp asyrlyk däp-dessurlara hormat goýmak, türkmen halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlygyny gorap saklamak, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi. Remezan aýynyň gutarýan güni bellenilýän Oraza baýramy, Gurban baýramy bilen birlikde Yslamyň iň möhüm we iň mukaddes iki baýramynyň biridir.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler