Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň maslahatyna gatnaşdy

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky umumy maslahatyna hem-de GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň umumy maslahatyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahata gatnaşanlaryň hatarynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, agzalary, GDA-nyň edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri bar.

Gün tertibine laýyklykda, GDA agza ýurtlaryň medeni miras ýerlerini gorap saklamak baradaky konwensiýanyň, GDA agza ýurtlaryň nusgawy zähmet kodeksiniň, GDA agza ýurtlar üçin nusgawy saýlaw kodeksiniň, şeýle hem “Bosgunlar hakynda”, “Inžiniring we inžiniring işleri hakynda”, “Paýly gurluşyk esasynda gozgalmaýan emlägiň gurluşygy hakynda», “Nebit önümleriniň turbageçirijiler arkaly daşalmagynyň daşky gurşawa howpsuzlygy hakynda», «Daglyk ýerleri ösdürmek we goramak hakynda», «Parlament gözegçiligi hakynda», «Mekdep sporty hakynda» nusgawy kanunlaryň taslamalaryna we beýlekilere seredildi.

Parlamentara Assambleýanyň umumy maslahatynda GDA agza ýurtlaryň sanly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi hem-de GDA agza döwletlerde çap edilen kanunlary elektron görnüşinde ibermekde umumy çemeleşmeleri döretmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda GDA agza döwletler üçin intellektual eýeçiligiň nusgawy kodeksine, şeýle hem “Kinematografiýanyň döwlet goldawy hakynda” we “Teatr we teatr çäreleri hakynda” nusgawy kanunlaryň taslamalaryna aýratyn üns berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok