Asyrlar boýy uly isleg-arzuw bilen ýaşan halkymyz bu günki günde parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasynda dostluguň hakyky merkezine öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bagtyýar ömür sürýär. Ýurdumyzyň gazanan hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk taryhy senesi bellenilýän ýurdumyzda ajaýyp wakalar ruhubelentligiň, parahatçylygyň hoşniýetli gatnaşyklaryň, abadançylygyň binýady bolup taryhymyza girýär. Häzirki döwrüň halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we täsirli ornuny barha berkidýän hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasly baştutanlygy esasynda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň täze ýeňişli ösüşlere tarap ynamly öňe barýar. Sebit we dünýä saýasatynda milli hem-de ählumumy bähbitleri nazara almak bilen, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur almak arkaly aýdyň maksatlara esaslanýan toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn häsiýetdäki daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar.
Ýurdumyzyň Bitarap döwlet hökmündäki syýasy, ykdysady we ynsanperwer esaslaryny kesgitleýän hukuklary we borçlary “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Konstitusion Kanunda berkidilýär. Bu Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen oňyn dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. Türkmenistan beýleki döwletler bilen öz gatnaşyklaryny olaryň medeniýetini, däplerini we adatlaryny hormatlamak esasynda guraýar hem-de ynsanperwer gatnaşyklara halklary ýakynlaşdyrmagyň, olaryň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm serişdesi hökmünde garaýar.
Döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty has-da üstünliklere beslensin, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşiň, özgerişiň ýoly bilen barha öňe gitsin, şan-şöhraty dünýä dolsun, dünýä döwletlerine bagtyýarlyk, ynsanperwerlik ýollaryny açýan hormatly Prezidentimiziň tutan maksatlary hemişe rowaçlansyn!
.
Begli Täşliýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby |
Teswirler