Aşgabatda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi möhletli okuwlary hödürleýär. Okuwlar jemi 8 tapgyrdan ybarat: başlangyç toparlar 4 tapgyr, orta derejeli toparlar 4 tapgyr. Her tapgyryň dowamlylygy 3 aý.
Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi Koreýa Respublikasynyň Sejong Instituty bilen hyzmatdaşlyk edýär. Merkezdäki gollanmalar we sertifikatlar hut Sejong Instituty tarapyndan berilýär. Okuwlar tölegli, ýöne el ýeterli.
Merkeziň synp otaglarynda diňleýjileriň koreý dilini öwrenmäge we özleşdirmäge ähli mümkinçilikler döredilen. Merkeziň okalgasynda bolsa, her derejedäki dil öwrenijiler üçin koreý dilindäki kitaplar we beýleki neşir önümleri ýerleşdirilen.
Şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezi hem beýleki diller bilen bir hatarda koreý diliniň möhletli okuwlaryny hödürleýär.
Ýakynda “Diller dünýäsi” dil merkezinde Koreýa döwletiniň dili, medeniýeti, jemgyýeti, taryhy, ykdysadyýeti we bilim ulgamy barada tanyşdyryş dabarasy bolup geçdi.
Koreýada ýokary bilim alan telekeçi Annamuhammet Garlyýew Koreýa barada giňişleýin maglumat berdi. Soňra bolsa UNIST uniwersitetiniň talyplary Muhammet Ýarmadow we Baýram Annageldiýew öz uniwersitetinde ylmy barlaglary üçin döredilen şertleri barada maglumat berdi.
Meşhur sazanda Meýlis Hydyrow skripka guralynda koreý sazlaryny çaldy we ruhy lezzet paýlady.
2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Koreýa medeniýet hepdeligi geçirildi. Hepdeligi çäklerinde koreý halkynyň medeniýet, sport, egin-eşik, aşhanasyna degişli aýratynlyklar tanyşdyryldy.
Hepdelige degişli maglumatlara salgylanmak üçin:
Мы рады большому интересу к корейской культуре в Туркменистане
Завершилась неделя корейской культуры в Ашхабаде
“We don’t want to leave Ashgabat”
Moon Jaepil: “We are happy for expanding bilateral relations between Turkmenistan and Korea”
Teswirler