Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň gurnamagynda mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa mekdep okuwçylaryna we talyp ýaşlaryna Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň taryhy kökleri, onuň halkara derejesindäki hem-de döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakdaky ähmiýeti barada çykyş etdi. Dürli prezentasiýalaryň üsti bilen çykyş eden talyp ýaşlar 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem-de bu taryhy wakanyň döwletimiziň alyp barýan bitaraplyk syýasatynyň dünýäde ykrar edilmeginiň ähmiýeti barada duryp geçdiler.
Institutyň “Paýhas we parasat’ gurnagynyň agzalary halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegiň hem-de gorap saklamagyň serişdeleriniň biri bolup durýan bitaraplyk institutynyň gelip çykyşy we onuň ähmiýeti barada duryp geçdiler.
Parahatçylyk we dost-doganlyk ýörelgelerine eýerýän türkmen halky bu gün bütindünýä döwletleri bilen şanly Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýuny toýlaýar. Türkmen Bitaraplygynyň dünýä derejesinde ajaýyp mukam bolup ýaňlanmagy halkymyzyň durmuşynda baky bagtyýarlyga beslenen şatlykly wakadyr.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy we oňa bagyşlanyp geçirilýän çäreler mähriban Watanymyzyň halkara abraýynyň dabaralanmagynyň hem-de türkmen ýaşlarynyň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginiň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi.
.
Hatyja Döwletnazarowa,
| Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby |
Teswirler