Arkadag şäherinde ekologiýa şüweleňi geçiriler

18 April

Arkadag şäherinde ekologiýa şüweleňi geçiriler


Arkadag şäheriniň Oba hojalyk müdirligi

11:00


2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Arkadag şäheriniň Oba hojalyk müdirliginde Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň guramagynda “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler.

Geçiriljek çäräniň maksady — ekologiýa medeniýetini ösdürmek we jemgyýetde tebigaty goramak baradaky düşünjäni ýokarlandyrmak bolup durýar. Çäräniň dowamynda haýwanat dünýäsiniň gäpleriniň sergisi, ekologik çykyşlar we sorag-jogap bäsleşigi geçiriler hem-de çärä işjeň gatnaşyp, bijeli soraglara dogry jogap berenlere sowgatlar berler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasy 2025-nji ýylda döredilip, bu jemgyýetçilik guramasy ekologiýa medeniýetini ösdürmek, daşky gurşawy goramak, ilatyň bu ugurdaky bilim derejesini ýokarlandyrmak, ýaş nesliň arasynda ekologiýa taýdan jogapkärçilikli düşünjäni kemala getirmek ýaly ugurlarda iş alyp barýar. Gurama jemgyýetçilik çärelerini guramak, wagyz-nesihat işlerini geçirmek, okuw-seminarlar, maslahatlar, sergiler hem-de ekologik çäreler arkaly jemgyýetiň ähli gatlaklaryny bu işe çekmegi maksat edinýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok