Hemişelik Bitarap döwletimiz häzirki wagtda dünýäniň köp sanly döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli berkidýär. Şunda ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri hem Awstriýa Respublikasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň bu dostlukly döwlete amala aşyran sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykardy.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň örän uludygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Awstriýa saparynyň çäklerinde Milli Liderimiz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen hem duşuşdy. Netijeli ýagdaýda geçen pikir alyşmalaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň şu sapary syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge güýçli itergi berjek möhüm ädim hökmünde garaýandygyny nygtady. Türkmenistan bilen Awstriýanyň öz bitaraplyk hukuk derejesiniň şanly senelerini bir wagtda diýen ýaly bellemegi bolsa parahatçylyk we döredijilik taglymlarynyň umumylygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwrüň ählumumy wezipeleriniň öňünde islendik gapma-garşylyklaryň diňe syýasy-diplomatik usullar arkaly çözülmeginiň zerurdygy bellenildi. Awstriýanyň 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini işjeň goldaýandygy özara ynanyşmagyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen we Awstriýanyň ilkinjileriň hatarynda goşulan Bitaraplygyň dostlary toparyna aýratyn üns çekildi. Bu hyzmatdaşlyk Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň çäklerinde hem öz beýanyny tapýar.
Gahryman Arkadagymyz Awtrsiýa Respublikasyna saparynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller, bu guramanyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy. Netijeli geçen duşuşyklar döwletimiziň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny, ýurdumyzyň umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýandygyny aýdyň tassyklady.
Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bilşimiz ýaly, 2008-nji ýylda UNIDO-nyň we Awstriýanyň Hökümetiniň howandarlygynda esaslandyrylan Energetika we howa boýunça halkara Wena forumy geçen ýyllaryň dowamynda ekologiýa başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin esasy ählumumy platforma öwrüldi. Bu forumda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden başlangyçlary ählumumy ekologiýa meselelerini çözmekde täze ugurlary kesgitläp, Türkmenistanyň energetika giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny tassyklady. Ýurdumyz milli bähbitleri dünýäniň ekologiýa abadançylygy baradaky tagallalar bilen sazlaşykly utgaşdyryp, halkara energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmekde döredijilikli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.
Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açyp, halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen tassyklady.
Esenmyrat HANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.
Teswirler