Tokio uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanan Nipah wirusyna garşy sanjymyň ilkinji kliniki synaglarynyň Belgiýa döwletinde geçiriler. “Nikkei” gazetiniň habar bermegine görä, bu gezekki barlaglar göni adamlaryň gatnaşmagynda amala aşyrylar.
Maglumata görä, primatlarda geçirilen synaglaryň dowamynda sanjym doly derejede gorag täsirini görkezdi. Geljek ýylda alymlar synag işlerini Bangladeş Respublikasynda giňeldip, oňa uly ýaşlylar bilen birlikde çagalary hem çekmegi meýilleşdirýärler.
Nipah wirusy esasan dem alyş ulgamyna zeper ýetirýär we wagtynda lukmançylyk kömegi berilmese, dürli agyr netijelere getirip biler. Keseliň ilkinji alamatlary wirus ýokuşandan soň 4 –7 günüň dowamynda ýüze çykýar. Şeýle-de bu ýokanç kesel dem alyş hem-de merkezi nerw ulgamyny zaýalap, beýniniň çişmegine sebäp bolup bilýär.
Nipah wirusynyň ýaýramagy ýanwar aýynda Hindistanyň Kalkutta şäheriniň golaýynda hasaba alyndy.
Ýazmuhammet ORAZBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Gospital Terapiýa kafedrasynyň assistenti.
Teswirler