Häzirki zaman dünýä ýagdaýy ösýär we üýtgeýär, dünýäde täze wakalar, täze ýagdaýlar yzygiderli peýda bolýar. Dünýäniň çalt depginler bilen özgermegi halkara gatnaşyklaryna özüniň täsirini ýetirýär, ähli döwletleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy, dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda dostlukly, deňhukukly, özarapeýdaly işjeň gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy alyp barýan, täze, has adamkärçilikli dünýä tertibiniň emele gelmegine we kämilleşmegine özüniň saldamly goşandyny goşýan Bitarap Türkmenistanyň bähbitleri bilen hem galtaşýar. Şeýle şertlerde wezipeleriniň we borçlarynyň çägi we göwrümi barha giňelýän, ondan diňe bir ählumumy, pugta we uzakmöhletli halkara howpsuzlygynyň üpjün edilmegi däl, eýsem islendik ýurduň durmuş derejesi bagly bolup durýan häzirki zaman diplomatiýasynyň nazaryýetiniň we amalyýetiniň möhüm meseleleri barha dünýä bileleşiginiň, jemgyýetçiliginiň üns merkezinde öwrülýär.
Häzirki zaman ylmy diplomatiýanyň ilkinji kämilleşmedik başlangyçlarynyň baryp ilkidurmuş urugçylyk jemgyýetiniň döremegi, taýpalaryň ýüze çykmagy, harytlaryň ilkinji alyş-çalyş edilip başlanmagy we başga ençeme meseleleriň çözülmegi bilen baglylykda dörändigini subut edýär. Ilkibaşda adamlaryň arasyndaky dawalar güýç bilen çözülipdir, ýöne olar basym agzalalyklaryň köp halatlarda uruş arkaly däl-de, eýsem ylalaşygyň üsti bilen çözülmeginiň has peýdaly bolýandygyna düşünip başlapdyrlar. Munuň hem üstesine, – kim güýçli bolsa, şol hem mamla – ýörelgesi boýunça dawalaryň tertibe salynmagy dawalaryň çözülmegine däl-de, eýsem olaryň has-da güýçlenmegine we täze, has ýiti görnüşleriniň ýüze çykmagyna getiripdir. Jedelleriň tertibe salynýan wagtynda ylalaşyklaryň başlangyçlary hem peýda bolupdyr. Bu «diplomatiýa» durşuna tejribäniň diplomatiýasy, «pähim-paýhasyň diplomatiýasy» bolupdyr.
Gadym zamanlarda has kuwwatly halklar ähli serişdeler, ozaly bilen bolsa, harby serişdeler arkaly öz täsiriniň çäklerini giňeltmäge çalşypdyrlar, olarda basyp alyjylyk, täze ýerleri edinmek, goňşy döwletleri ýapja, paç töleýän ýurtlara öwürmeklik ruhy ornaşypdyr. Şonuň üçin hem şol döwürleriň diplomatiýasynyň tutuşlygyna beýleki halklary harby taýdan basyp almak we gul etmekligi ýeňilleşdirmek maksadyna tabyn edilmegi, onuň imperiýalary döretmekdäki, täze çäkleri özlerine birleşdirmekdäki, gowşak halklary özüne tabyn etmekdäki hyzmaty düşnüklidir. Şol döwrüň halkara gatnaşyklarynda ýeke-täk güýçliniň hukugy höküm sürüpdir.
Garaşsyz döwlet hökmünde berkarar bolmak bilen, Türkmenistan özüniň daşary syýasat ülnüsini kemala getirmäge hut şu garaýşlardan çemeleşdi, dünýä bileleşiginiň öňünde öz borjuna hut şeýle baha berdi. Ỳöne, borç – bir zat, ony ýerine ýetirmek üçin serişdeler, mümkinçilikler – başga zat. Biziň halkymyz bahasyna ýetip bolmajak ruhy mirasa daýanýar, ol geçmişiň, häzirki döwrüň we geljegiň arasynda beýik utgaşdyryjy boldy. Türkmenistanyň daşary syýasatynda biziň ata-babalarymyzyň gujur-gaýraty, medeni we milli däpleri, türkmenleriň köp nesilleriniň özleriniň taryhy goňşulary bilen parahatçylykly ýaşaşmagynyň tejribesi öz beýanyny tapdy.
1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-inden başlap Türkmen döwletiniň taryhynda onuň daşary syýasat babatda berkakar bolmagynyň we ösmeginiň şanly wakasy bolan täze eýýamy başlanýar. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” kararnamasyny kabul etdi, şol kararnamada bolsa BMG-nyň agzalary bolan döwletleriň Türkmenistany hemişelik bitarap döwlet hökmünde ykrar etmegi, Türkmenistanyň şu halkara – hukuk derejesine, onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we ýerleriniň bitewiligine sarpa goýmagy we olary goldamagy göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyna häzirki wagtda dünýä bileleşigi tarapyndan sebitde geosyýasy deňeçerligiň, howpsyzlygyň we durnuklylygyň ýardamçysy hökmünde barha has takyk akyl ýetirlýär. Munuň özi Milletler Bileleşigi tarapyndan XXI asy üçin işlenilip taýarlanylýan gün tertibi nukdaýnazaryndan aýratyn-da derwaýys-dyr, sebäbi häzirki wagtda döwletletiň özara hereketleriniň deňhukuklylygyna, birek-birege peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanan has amatly ülňüsi gözlenilýär. Şu şertlerde Türkmenistanyň bitaraplygy geljekki asyrdaky halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda binýatlyk taglymat bolmalydyr. Häzirki wagtda emele gelýän köp merkezli dünýä ähliumumy we sebitleýin howpsuzlygy, döwletleriň durnukly we yzygiderli ösmegini üpjün etmäge täze çemeleşmelriň tapylmagyna mätäçlik çekýär. Ine, şonuň üçin BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen, häzirki zaman dünýäsiniň kyn meselelerine hil taýdan täze çemeleşmeleri ulanmaga esaslanýan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi XXI asyrdaky halkara hyzmatdaşlygynyň döwletleriň yzygiderli we durnukly ösdürilmegine gönükdirilen hil taýdan täze ülnüsine öwrülip biler.
.
Şahruh SADYKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler