Gaşlar goýsam kümüş bilen…

Döredijilik işi ýiti zehini, irginsiz zähmeti talap edýär. Zehiniň açylmagy üçin hem irginsiz zähmet gerek. Türkmen aga ýöne ýere zähmet soňy rehnet diýenok. Çekilen irginsiz zähmet elmydama ynsany bereket bolçulyga bagtyýarlyga ýetirýär.

Döredijilik adamsy hemişe gözlegde bolýar. Gözleýän adam bolsa geregine hökman gowuşýar. Biziň kalplarymyz gözellige teşne. Gözellik megerem biziň durmuşymyzyň gönezligi bolsa gerek. Türkmen edebiýatynyň müň bir öwüşginli göwher täjine deňelýän beýik Magtymguly Pyragy “Göz gözelde” diýen bolsa, Alyşir Nowaýy “Gül bitiresiňiz gelse, ýer boluň, toprak boluň” , Kerim Gurbannepesow öz setirlerinde “Gözelligi sor bagryňa, öýkeniňe…” diýip belleýär. Beýik rus ýazyjysy F.M.Dostaýewiskiý hem “ahyrynda dünýäni halas etjek gözellikdir” diýip aýdyp geçipdir.

Diýmek gözellikde ynsan dünýäsine üýtgeşik ylahy güýç eçilýän gudrat bolmaly. Hakykatda gözelligi synlanyňda biraz wagtlyk hem bolsa dünýäni unudýarsyň. Sen biygtyýar gözellige maýyl bolýarsyň. Amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşleri bilen birlikde zergärçilik sungaty gözelligiň tämiz keşbini açyp bilýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligini goşalandyrýan, ylahy güýçlere eýe hasaplanýan owadan daşlar bilen bezelen, dakynan adamyny ähli ýaramazlyklardan goraýan şaý-sepler hiç bir zamanda öz gymmatyny ýitirmeýär.

Türkmen gelin-gyzyny şaý-sepsiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gelin-gyzlaryň gündelik dakynýan şaý-sepleri bolan gülýaka, gulakhalka, bilezik, ýüzükler, dürli görnüşdäki zynjyrdyr, asyklar häzirki zamanda has ýörgünlidir. Bu şaý-sepleri ussat ýaş zergärler gadymy nusgalardan ugur alyp häzirki döwrüň talaplaryna görä kamilleşdirýärler. Zergärçilik işleri diňe bir zenanlar üçin däl-de bedew atlarymyz, nowça çagajyklarymyz ýigitlerimiz üçin hem niýetlenilýär. Şeýle-de gözel haşamlanan sowgatlyklar görenleri haýrana goýýar.

Ykbalyny sungat bilen baglan ýaşlar zergärçilik sungatynyň ösmegine has-da döwrebap kämilleşmegine goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Türkmenistanyň orta hünär we hünär-tehniki okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda “Ussat gören şägirt her ädimde ýorgalar ” atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda zergärçilik işleriniň ajaýyp nusgalary görkezildi. Olardan Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-Çaphana orta hünär okuw mekdebiniň “Neşirýat işi” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ş.Aýdyýewiň “Türkmen milli şaý sepleri” atly işi , Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň “Metal çeper bejermek” bölüminiň 3-nji ýyl talyby R.Hojaýewiň “Gunçalar”, “Bahar” atly işi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň “Metal çeper bejermek” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Ş.Magtymowyň “Nowruz” atly işi bellenilmäge mynasypdyr. Bu zergärçilik işleriniň ählisinde millilik, çeper mazmun öňe çykarylyp owadanlyk bilen haşamlanypdyr. Döredijilik bäsleşigindäki bu işleriň ählisi ýokary baha mynasypdyr. Ýurdumyzyň orta hünä mekdepleriniň talyplarynyň bu işlerini synlanyňda milli sungatymyzyň ümzüginiň diňe öňedigine göz ýetirýärsiň.

M.Halykberdiýewa

TDÇA-nyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok