Milli demokratiýamyz dabaralanýar

Mälim bolşy ýaly, 11-nji fewralda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda milli ruhly, döwrebap pikirlenýän ýaşlaryň, şol sanda ýaş ýolbaşçylaryň kemala gelendigi baradaky meselä aýratyn üns berdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durnukly we durmuş-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn ösdürmekde, onuň dünýä giňişligindäki ornuny berkitmekde örän uly kesgitleýji ähmiýete eýedigi nazara alnyp, ýaşlara milli döwlet bähbitli jogapkärli işler ynanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Kodeksiň bu maddasy saýlawlaryň möhletinden öň geçirilmegine degişlidir. Ýaýbaňlanan möwsümiň baş ýörelgesi türkmen jemgyýetinde onuň gadymy demokratik däplerini has-da pugtalandyrmagyň hökmany şerti hökmünde giň bäsdeşlik esasyndan ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Türkmen döwletiniň daýanjy we umydy bolan ýaşlar bilen duşuşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle duşuşyklaryň her biri — okuw mekdeplerinde ýa-da zawod-fabriklerde bolup geçýän duşuşyklar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň öňünde durýan wezipeler we işler baradaky aç-açan söhbetdeşlige, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir sözi bolsa ýaş türkmenistanlylar üçin hereket etmegiň maksatnamasyna öwrülýär.

Şu manyda giň, täzeçil, özbaşdak pikirlenip bilýän ýaş zehinli adamlaryň öňe sürülmegi ýurdumyzyň hut şeýle dalaşgärlere islegi bilen şertlendirilendir — olar özgertmeleriň dowam etdirilmegi, Watanyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstlerine almaga ukyplydyrlar.

Milli kanunçylyga hem-de halkara tejribä laýyklykda, ähli dalaşgärlere deň hukuklar we saýlawçylar bilen duşuşyklar hem-de olary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalar bilen tanyşdyrmak, wagyz etmek, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz işlerini alyp barmak üçin deň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle çäreler häzirki wagtda giň gerime eýe bolýar.

Häzirki möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüm Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Bu halkymyzyň köp asyrlardan bäri gelýän hem-de milli häsiýetiniň özenine öwrülen gadymy halk häkimiýetlilik däplerinden gelip çykýar.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bu syýasy çärä jemgyýetçilik gyzyklanmasynyň uludygy düşnüklidir. Çünki döwlet Baştutanynyň saýlawy ýurdumyzyň halkynyň hem-de her bir raýatyň geljeginiň saýlawydyr.

Agageldi DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok