Ýaş matematikleriň üstünligi

2021-nji ýylyň 20-nji martynda Indoneziýanyň Jakarta şäherinde geçirilen “International Eduversal Mathematics Competition”  atly bäsleşige Türkmenistanda bilim alýan mekdep okuwçylary hem işjeň gatnaşdy. Olar jemi 1-şolardan 5 altyn, 4 kümüş we 2 bürünç medala mynasyp boldular. Biz hem şol mekdep okuwçylary bilen söhbetdeşlik gurnadyk.

Olaryň biri hem Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Orazmämmet Saparow:

– Maňa hem Indoneziýanyň Jakarta şäherinde geçirilen “International Eduversal Mathematics Competition”  atly bäsleşige gatnaşmak bagty miýesser etdi. Onlaýn formatda geçirilen bu bäsleşik 40 soragdan, 30-sy test görnüşinde, 10 sanysy bolsa ýazmaça geçirildi. Dünýäniň 53 ýurdundan 10-njy synp derejede 350 sany okuwçy gatnaşdy. Gatnaşan okuwçylaryň köpdügine seretmezden, men bu bäsleşikde kümüş medala mynasyp boldum. Meniň şeýle ýeňişleri gazanmagymda Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymlary, şol sanda Ybraýym Işanmyradowyň orny örän uludyr. Geljekde hem şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolaryn diýip ynandyrýaryn.

Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Begli Işanmyradow:

20-nji martda geçirilen “International Eduversal Mathematics Competition”  atly matematika bäsleşigine gatnaşdym. Bu bäsleşikde öz derejäm boýunça bürünç medala mynasyp boldum. Men günüň dowamynda 3-4 sagatlap matematika bilen meşgullanýaryn. Meniň matematika dersini has söýmegimde kakamyň orny has uly. Şeýle-de mekdepde hem Resul Hojagulyýew meni ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän şeýle bäsleşiklere taýýarlaýar. Geljekde hem şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, Türkmenistanyň abraýyny gorap çykyş ederis.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren: Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Şeýle-de okaň:
Zehinli ýaşlar – geljegiň röwşeni
Türkmen okuwçylary 11 medal gazandy
Halkara Eduversal matematika olimpiýadasy geçirilýär
Türkmenistanly ýaşlar 1 altyn, 1 kümüş medal gazandy
Körpe matematik kümüş medal gazandy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok