Türkmen agyr atletikaçylary halkara ýaryşda 21 medal gazandy

Golaýda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde agyr atletika boýunça iri halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy. Bu ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary ýokary taýýarlyk derejesini görkezdi we ildeş türgenlerimiz jemi 21 medal — 7 altyn, 7 kümüş hem-de 7 bürünç medal gazandylar. Halkara ýaryş 2025-nji ýylyň agyr atletika boýunça 10-njy Katar halkara kubogyny, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilen Arap çempionatyny, şeýle hem Günbatar Aziýa çempionatyny özünde jemledi. Bäsleşige dünýäniň 28 ýurdundan 240-a golaý türgen gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Ýaryşda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň 104-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ogulşat Amanowa 53 kilogram agram derejesinde çykyş edip, silterläp götermekde 77 kilogram, itekläp götermekde 93 kilogram we iki görnüşiň jemi boýunça 170 kilogram netije görkezmek bilen üç bürünç medal gazandy.

Daşoguz welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Akdepe etrabynyň 4-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Bunýad Raşidow 71 kilogram agram derejesinde çykyş edip, ýokary netijeleri bilen tapawutlandy. Ol silterläp götermekde 145 kilogram hem-de iki görnüşiň jemi boýunça 314 kilogram netije görkezmek bilen iki altyn medal gazandy, itekläp götermekde 169 kilogramlyk netijesi bolsa kümüş medal bilen sylaglandy.

Balkan welaýatynyň Gumdag şäherçesindäki 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Zybagül Söýmüşowa 58 kilogram agram derejesinde bäsleşip, silterläp götermekde görkezen 78 kilogramlyk netijesi bilen baýrak gaznamyza bürünç medal goşdy. 79 kilogram agram derejesinde güýjüni synan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Gaýgysyz Töräýew itekläp götermekde (190 kilogram) kümüş, iki görnüşiň jemi boýunça (330 kilogram) bürünç medallar bilen ýaryşy tamamlady. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Medine Amanowa 63 kilogram agram derejesinde bäsleşip, üç görnüş boýunça hem kümüş medallara mynasyp boldy. Ol silterläp götermekde 91 kilogram, itekläp götermekde 111 kilogram hem-de iki görnüşiň jemi boýunça 202 kilogram netije görkezdi. 94 kilogram agram derejesinde çykyş eden Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Sakarçäge etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Rüstem Annaberdiýew silterläp götermekde (151 kilogram) we umumylykda (330 kilogram) kümüş medallary eýeledi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Resul Rejepow hem şol agramda çykyş edip, silterläp götermekde (151 kilogram) bürünç medala mynasyp boldy.

Soňky ýyllarda türkmen agyr atletika mekdebiniň zehinli türgenleriniň biri hasaplanýan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Anamjan Rustamowa 86 kilogram agram derejesinde çykyş edip, üç altyn medal gazandy. Ol silterläp götermekde 105 kilogram, itekläp götermekde 135 kilogram we umumylykda 240 kilogram netije görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy Dawranbek Hasanbaýew 110 kilograma çenli agramda çykyş edip, silterläp götermekde (180 kilogram) altyn, itekläp götermekde (200 kilogram) bürünç, umumylykda (380 kilogram) altyn medallara mynasyp boldy.

Ata ATAJANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok